Žurnalistiň sahypasy

Ýol asudalygy – il abadanlygy

08-09-2024 / 48

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler toplumy ýurt abadançylygyny saklamaga ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Iň ýokary gymmatlyk adam hasaplanýan ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçilmegi asylly däbe öwrüldi. Şoňa görä-de, 2012-nji ýylyň 31-nji martynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Häzirki döwürde ýaşaýşy awtoulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Dünýäde tehnikanyň ösmegi, awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi sürüjilerden we pyýada adamlardan köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý etmegini talap edýär. Şol düzgünlere ýeterlik ähmiýet berilmedik halatynda, ýol-ulag hadysalaryna sezewar bolunýar.

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ynsan saglygyny goramakdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Ulaglaryň sanynyň artmagy köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge bolan talaby has hem güýçlendirýär. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy, ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr.

Köçelerde, ýollarda hereket etmegiň düzgünleriniň berjaý edilmegi geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň asuda, abadan durmuşyny sagdyn hem-de ruhubelent ýaşaýşyny berkarar etmekde mynasyp orny bardyr. Şol jähetden hem ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, zerur çäreleri işläp taýýarlamak boýunça bimöçber işler alnyp barylýar.

Altyn BABYŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu