Žurnalistiň sahypasy

Halk Maslahaty — milli däpleriň gözbaşy

05-09-2024 / 26

Ýakynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň tassyklanylmagy şatlykly wakalaryň biri boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda Așgabat șäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik ösüş-özgertmelerde Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle özgertmeleriň bilim ulgamynda hem barha giň gerim alýandygy uly ruhubelentlik döredýär. Berkarar Watanymyzda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň we okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagy kämil bilimli, watansöýüji, giň düşünjeli, sagdyn ruhly, berk bedenli nesli kemala getirmäge, bilim işgärleriniň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegine șert döredýär.

Türkmen döwletiniň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýșy ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýașululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş ylmynyň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşmagy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär.

Halk Maslahaty ýașulular bilen ýaș nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, ony türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap șertlerde, täzeçe çemeleșmeler arkaly has-da ösdürýär. Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biri bolan Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip hem-de ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde wajyp ykdysady, syýasy meseleler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülipdir.

Žahan MIRABOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu