Žurnalistiň sahypasy

Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda

07-09-2024 / 102

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene-de bir täze okuw ýylyna, ýagny 2024-2025-nji okuw ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdyk. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda girişen bu okuw ýylymyzda ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem täze wezipeler öňde goýuldy. Aýdyň maksatlar, anyk wezipeler bilen ýaş nesillerimize terbiýe bermekde, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda öňümizde duran wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelmek ugrunda turuwbaşdan zähmet işjeňligini hemramyz edinýäris.

Bu okuw ýylynda, adatdakylardan tapwutlylykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan ugur alnyp, okuw-terbiýeçilik işleri hil we mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylar.

Şu nukdaýnazardan, biziň çagalar bakja-bagymyzda hem şu resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda täze okuw ýylynyň ilkinji sapaklaryndan başlap, çagalara bilimiň we terbiýäniň berlişini güýçlendirmäge çalşylýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen okuw maksatnamasy esasynda guralýan sapaklarda dürli usullardan peýdalanylýar, öňdebaryjy iş tejribäniň gazananlary işjeň özleşdirilýär. Sapaklarda öwrenilenler gurnaklarda, sapakdan daşary çärelerde, gün pursatlarynda we beýleki terbiýeçilik işlerinde özleşdirilýär. Çagalaryň hakyky manysynda baý mazmunly bilim almaklary ugrunda halypa terbiýeçilerimiziň yhlasly zähmeti ýaş hünärmenlere görelde bolýar.

Mysal hökmünde halypa terbiýeçi Ejegyz Ataýewanyň sapaklaryny gyzykly we täsirli geçmegi, oýun pursatlaryny işjeň guramagy, okuw görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagy bellenilmäge mynasypdyr. Halypa terbiýeçiniň häzirki güne çenli terbiýelän çagalary ak mekdepleriň göreldeli okuwçylarynyň hatarynda tanalýar.

Elbetde, okatmak diňe bir pedagogik iş däl, oňa döredijilik häsiýeti hem mahsusdyr. Şonuň üçin hem okatmagyň usulyýetiniň döredijilikli baýlaşdyrylmagy, täze tärleriň we taslamalaryň tejribä ornaşdyrylmagy ýaş nesillerimizi kämil derejede ýetişdirmäge itergi berýär.

Ajaýyp zamanamyzda körpe nesillerimizi mekdebe taýýarlamak, olaryň düşünje we dünýägaraýyş babatda öňdebaryjy bolmaklaryny gazanmak, irki ösüşini we sagdynlygyny üpjün etmek, ýokary derejede sapaklary gurap hünär taýdan kämilleşmek üçin ähli mümkinçilikler we şertler bar.

Şeýle şertleri mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynyň düzümlerinde hem giňden ornaşdyrýan, bizi has yhlasly we netijeli zähmet çekmäge höweslendirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli işgärlerimiziň we körpeje nesillerimiziň alkyşlary egsilmezdir.

Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu