Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlygyň gadamlary

04-09-2024 / 79

Ata Watanymyz Türkmenistan milli Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ähli sepgitlerde uly üstünlikleri, durmuş rowaçlygyny gazanýar. Döwlet Garaşsyzlygy halkyň erkinligini, milletiň milli mertebesini, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşlerini üpjün edýär.

Ata-babalarymyzyň arzuw-islegleriniň wysaly bolan Garaşsyzlyk agzybir döwlet bolmak, bagtyýar durmuşda ýaşamak hakyndaky iň ajaýyp niýetleri özünde jemleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýurt Garaşsyzlygynyň bahasy ýokdur. Onda biziň taryhymyz, şu günümiz hem-de röwşen geljegimiz ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz bolsa «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda bu mukaddeslik barada şeýe belleýär: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz».

Bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň bagtyýar halky Garaşsyzlygyň bagyş eden ajaýyp miwelerini gündelik durmuşynda, görüp peýdalanýar. Halkymyzyň durmuş goraglylygy, azyk üpjünçiligi, bilim, saglygy goraýyş, dynç alyş we zähmet mümkinçilikleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň peşgeşleri hökmünde barha dabaralanýar.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkara gatnaşyklarynyň täze derejelere çykmagy, medeni syýasatyň ösdürilmegi hem döwlet Garaşsyzlygynyň şöhratyny artdyryp has eşretli ertirlere ynam bilen bil baglamaga ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk halkymyzyň baş baýramy bolmak bilen, köňüllere şatlyk, durmuşa özboluşly öwüşgin çaýýar.

Şanly senäniň barha golaýlaşýan günlerinde bolsa ýurdumyz has-da gözelleşip, baýramçylyk öwüşgünlerine bezelýär. Ähli ýerde şanly senäniň joşguny duýulýar. Şu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklary tarapyndan hem dürli dabaralar, maslahatlar, baýramçylyk duşuşyklary, aýdym-sazly çäreler geçirilýär. Şeýle medeni-syýasy çäreleriň guralmagy bolsa jemgyýetimiziň jebisligini has-da pugtalandyrmakda, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny wagyz etmekde, ýaş nesillere düşündirmekde oňyn terbiýeçilik ähmiýetine we baý mana eýedir.

Berkarar döwletimizde halkymyzyň guwanjy, döwletimiziň gymmatlygy bolan Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny wasp etmäge, wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berýän, ýurdumyzy Garaşsyzlygyň gadamlary bilen öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Owadan ÝAZLYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu