
Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda uludan toýlanýan Bilimler we talyp ýaşlar güni jemgyýeti üýtgeşik ruhy ahwal gurşap alýar. Täze okuw ýylyna badalga berilmegi bilen, uludan-kiçi her birimiz toý şatlygyny, ruhy galkynyşy başdan geçirýäris. Şol bir wagtyň özünde-de kalbymyz mukaddes duýgular, ýagty umytlar, ak arzuwlar bilen nurlanýar.
Täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň açylmagy ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň, döwletimiziň adam maýasynyň ösmegine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp mysallarydyr. Ine, bu ýyl hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň ençemesi açyldy. 2024-2025-nji okuw ýylynyň dabaraly baýramçylyk nyzamynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilmegi akyldar şahyrymyza goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr.
Ylym-bilim döwletimiziň ösüşiniň berk binýady bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda we beýleki ulgamlary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar, kabul edilýän maksatnamalar bagtyýar geljegiň binýadydyr. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, şöhratly geljegi eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli bolmagy, sagdyn ruhda terbiýelenmegi bilen baglydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi hem şonuň üçindir. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende galdyrjak ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmakda alnyp barylýan işler olaryň durmuşda öz orunlaryny tapmagyna ýardam edýär.
Ýaş nesliň täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Bu Konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi bolsa, şeýle zehinli, ylym-bilimli nesle baglydyr.
Biz — mugallymlaryň öňünde durýan wajyp wezipeleriň baş maksady ösüp gelýän ýaş nesle milli we umumadamzat gymmatlyklaryna söýgi döretmek esasynda bilim we terbiýe bermekden ybaratdyr. Öz kärimize söýgimiz, yhlasymyz bilen bu maksada ýetjekdigimizi buýsanç bilen aýdyp bileris.
Aýjemal GURBANOWA,
Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.



