Žurnalistiň sahypasy

Täze mekdep — dost-doganlygyň nyşany

03-09-2024 / 45

Türkmenistan döwletimiziň kämil bilim ýoly dünýä uzaýar. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde bu ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem munuň guwandyryjy mysalydyr. Täze mekdebiň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli geçirilen dabara hormatly Prezidentimiz bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň göni aragatnaşyk arkaly gatnaşmaklary we gurluşyga ak pata bermekleri ildeşlerimiziň hem-de bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgusyny döredipdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täjik topragynda gurlan döwrebap mekdebiň binalar toplumynyň açylyp, täze okuw ýylyna sowgat edilmegi ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Täjik we täjigistanly türkmen doganlarymyz bilen birlikde, bu şatlykly wakanyň şaýady bolan pursatlarymyzda iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk köprülerini pugtalandyrýan, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri ugrunda asylly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy.

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi akyldar şahyrymyzyň mertebeli adyny ebedileşdirmekde, onuň gymmatly edebi mirasyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde örän ähmiýetlidir. Ýaş nesillere baýramçylyk sowgady bolan bu mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti sanly ulgam arkaly çykyş etdiler we mekdebiň açylyşyna ak pata berdiler. Ýatdan çykmajak pursatlar her birimize ajaýyp duýgulary bagyş etdi. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň çykyşlary bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredip, ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň barha pugtalanýandygyny ýene bir ýola subut etdi.

Ýeri gelende bellesek, mekdep üçin şu ýeriň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir. Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynda türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. Olar döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyza goldaw-kömegini bärýän ata Watanymyz bilen aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyň nyşany hökmünde Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylandygy baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdiler.

Kümüş GARAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu