
Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk her bir raýatyň, aýratyn-da, ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň durmuşynda has-da uly özgertmelere ýol açdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.
Naýbaşy sene — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli biz hem çagalar bakja-bagymyzda birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly çäreler geçirilýär. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan özbaşdaklygynyň gymmaty, Garaşsyzlygyň beren miweleri, ýeten beýik sepgitlerimiz, täze maksatlara, ösüşli menzillere olaryň hem işjeň goşant goşmalydyklary barada wagyz-nesihat etmek, düşündirmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.
Bu gün Garaşsyzlykdan galkynyp, asuda örýän nowjuwan kalply nesillerimiziň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzy kepillendirýän aýdyň alamatdyr. Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Biz bu beýik bagta buýsanyp, ony wasp etmelidiris. Şeýle belent maksatlary ýürekde beslemäge, olary amal etmäge giň mümkinçilikleri döredýän, halkymyzy röwşen ertirlere sary alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi has-da pajarlap, toýlary toýa ulaşsyn!
Ogulnur ÝAKUBOWA,
Daşoguz şäheriniň inçekesele garşy bejeriş-sagaldyş görnüşli ýörite 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



