
Dana pederlerimiziň milli mirasymyzyň altyn hazynasynda galdyryp giden käbir parasatly sözlerini ýatlalyň! «Saglygym — baýlygym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk»… Saglygyň gadyryny kesgitleýän bu sözler ynsan üçin iň gymmatly zadyň sagdynlyk we bagtyýarlykdygyny äşgär edýär.
Raýatlaryň sagdynlygy hakynda her pursat aladalanýan hormatly Prezidentimiz döwrüň, tehnologiýanyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen hassahanalary, saglyk merkezlerini halkymyzyň hyzmatyna bagyşlaýar. Mundan 20 — 30 ýyl öň hem lukmançylyk ylmy üçin juda çylşyrymly görünen operasiýalaryň hem ajaýyp döwrümizde juda ýeňil we oňyn netijeler bilen amala aşyrylýandygyna ildeşlerimiz şaýatdyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk we ylmyň täze gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan saglyk öýleri we derman senagatyna degişli desgalar guruldy. Olarda ýerli çig mallaryň esasynda uly islegden peýdalanýan dermanlyk serişdeleriň önümçiligi ýola goýuldy.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, has takygy, 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi we yzygiderli, tapgyrlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli durmuşa ornaşdyryldy hem-de kämilleşdirildi. Strategiki häsiýete eýe bolan bu maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Şunda Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilmegi, gazna tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi, täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir.
Saglygymyz – bagtyýarlygymyzdyr, bagtyýarlygymyz bolsa sagdynlygymyz. Şu goşa bagt hemmäniň başynyň täji bolsun!
Selbi AZADOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.



