Žurnalistiň sahypasy

Ak ýollaryň aýdyňlygy

Ýol hereketiniň howpsuzlygy ‒ ömrümiziň rahatlygy

02-09-2024 / 52

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bu babatda ilhalar işlere badalga berilýär. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem şeýle işleriň hataryndadyr.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy ‒ ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol heläkçiligini azaltmak we hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, goşmaça çäreleri durmuşa geçirmek üçin her ýyl geçirilýär. Ähli okuw jaýlarynda we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagynyň käbir görnüşleriniň öňüni almaga gönükdirilen wagyz-nesihat işleri geçiriler.

Mekdeplerde we çagalar baglarynda ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek boýunça okuwlar we çäreler, şeýle hem çagalar bilen ýollarda howpsuz hereket etmek başarnyklaryny we amaly endiklerini döretmek boýunça sapaklar geçiriler. Şu günler mekdeplerde, çagalar baglarynda ýol-ulag hereketleriniň düzgünleri bilen bagly wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Mekdep okuwçylary bilen geçirilýän «Ýol yşygy we çatryk» diýen görkezme çäreleri has-da täsirli bolýar. Bu çärelere mugallymlar bilen birlikde, ata-eneler hem gatnaşýarlar.

Döwrebap ýollaryň gurulmagy, iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir. Köçelerdir ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemmämize bähbitdir. Şonuň üçinem ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.

Maral SOPIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu