Žurnalistiň sahypasy

Bilimler dünýäsine batly gadamlar bilen

02-09-2024 / 63

Güýz paslynyň ilkinji gününde Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň onlarçasy açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy. Munuň özi bilim ulgamyny ösdürmeklige döwlet derejesinde berilýän ünsüň örän ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär.

Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Muny döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan çagalara ýörite ornaşdyrylan programma üpjünçilikli «Bilimli» atly kompýuterleriň ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylmagy hem tassyklaýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly, owadan mebelleri bolan oýun we ýatylýan otaglar, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr.

Şeýlelikde, ýaşlarymyz ýakyn geljekde eziz Watanymyzy täze sepgitlere hem-de uly üstünliklere ýetirmelidir. Çünki Türkmenistan ýaşlaryň sagdyn ösüp, giň dünýägaraýyşly, dünýä ýaşlary bilen deň gadam urup bilýän nesiller bolup ýetişmegi ugrunda çuňňur aladalar edýän bilimler ýurdudyr.

Annagul PALTAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 25-nji çagalar bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu