Žurnalistiň sahypasy

Täze okuw ýylyna gadam basdyk

01-09-2024 / 49

Güýz paslynyň gelmegi bilen, her ýylda bolşy ýaly, täze okuw ýylyna hem girişilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzüniň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem ýokary guramaçylyk derejesinde baýram edildi. Ýurdumyzda ähli künjeklerinde gapylaryny giňden açan bilim ojaklarynda ilkinji jaňlar kakyldy.

Ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bolşy ýaly, mekdebe çenli bilim edaralarynda hem täze okuw ýylyna guramaçylykly gadam basylýar. Çagalar bilen okuw maksatnamasy esasynda gyzykly we örän ähmiýetli bolan sapaklaryň geçirilmegine girişilýär. Şadyýan tomsuň ýakymly ýatlamalaryndan, sagaldyş we dynç alyş möwsüminiň wakalaryndan ruhlanan bagtyýar nesillerimiz ýaş aýratynlyklaryna görä degişli toparlarda duýgulary ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, bedenterbiýe ýaly sapaklara, sowat öwrenmäge, sözleýiş dilini ösdürmäge, ýönekeý matematik düşünjelerini berkitmäge, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, daşary ýurt dilleri ýaly sapaklara gatnaşýarlar. Çagalar bilen guralýan okuw-terbiýeçilik işleri, gün pursatynyň gyzykly wakalary ýaş nesilleriň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmaga gönükdirilýär.

Şu okuw ýylynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegini gazanmak bolsa esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu babatdaky işlerde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» ugur alnar.

Biz hem täze okuw ýylynda-da körpe nesillerimizi ýokary derejede terbiýelemäge, olaryň sagdyn ösüşini gazanmaga, mynasyp sowat öwretmäge yhlasymyzy, döredijilik başarnyklarymyzy doly derejede sarp edip zähmet çekmäge çalyşýarys. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, zähmet şertleriniň ýokarlandyrylmagy, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň goldanylmagy bizi has netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini gollanma edinip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanyp zähmet çekmek her bir bilim işgäri üçin uly bagtdyr.

Ýurdumyzyň altyn geljegine deňelýän mähriban körpelerimiz üçin täze-täze çagalar bakja-baglaryny, ak mekdepleri gurduryp ulanmaga berýän, bilim işgärleriniň hünär babatda kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Ogulmaral BABAÝEWA,
Murgap etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu