Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistanda kärhanalaryň ösüşi we aýratynlyklary

02-09-2024 / 57

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly toplumlaýyn wezipeleriň çözgüdi bilen utgaşdyrylýar. Ol ýokary tehnologiýaly önümçilik düzüminiň, döwlet we hususy kärhanalaryň döredilmegini, ösüşiň gaýtadan işleýän ulgamyna geçilmegini, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyny ugur edinýär.

Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryna gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmegine we önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçiligi boýunça kärhanalaryň döredilmegine we ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdeleriniň dürli görnüşlerini toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemäge gönükdirilen täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi geljekde ykdysady ösüş üçin pugta binýadyň emele gelmegini, ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, halk hojalygy toplumynyň degişli pudaklaryny senagatlaşdyrmagyň esasynda eksport mümkinçilikleriň artdyrylmagyny şertlendirýär.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň wekilleri ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilikleriň döredilmeginde baý tejribe topladylar, gurluşyk senagatynda hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýärler. Ilatyň uly isleginden peýdalanýan harytlaryň önümçiligi, ulag, söwda we hyzmatlar, logistika ulgamlary türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda esasy orny eýeleýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary ýaly möhüm ugurlarynda öz orunlaryny berkidýärler.

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň alnyp barlyşy halkara ülňüleriň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işlere täzeçillik girizildi.

Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga isleg bildirýän işewürlere ýurdumyzyň ähli ýerinden menzilara gatnaşmaga mümkinçilik berýän «Bäsleşikli söwdalar» atly mobil goşundy döredildi. Bu goşundynyň kömegi arkaly isleg bildirýän taraplar bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin ýeňillikli agza bolmak, söwdalara çykarylýan desgalaryň sanawy bilen tanyşmak, isleglerine görä sanawy tertipleşdirmek, gerekli resminamalary ýükläp almak we bäsleşikleriň geçirilýän güni menzilara gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolup bilerler. Bu usul özüniň oňyn netijesini-de berýär.

Ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak, hususy ulgamy goldamak bazar gatnaşyklary ýörelgelerine geçmekde esasy şertleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Telekeçileriň bähbidini goraýan kanunlar kabul edilýär. Bu ugry saýlap alan raýatlara ýeňillikli bank karzlary yzygiderli berilýär. Dürli maksatly desgalary gurmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara giňişlikde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Kanunda, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde ulanylan netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi. Şunuň bilen bir hatarda ykdysady ösüşleri bökdäp bilýän islendik ýagdaýdan daşda durmak zerurlygy binýatlaýyn ýörelge hökmünde bellenildi. Kabul edilen maksatnamanyň çäklerinde hususylaşdyrmagyň hereket edýän usulyýeti kämilleşdirilip, bazar gatnaşyklarynda gymmatly kagyzlar bazaryny, bilelikdäki paýly kärhanalaryň ornuny ýokarlandyrmak üçin maýa goýum taslamasyny-da bäsleşikli söwda ugurlaryna üýtgeşmeler girizip alyp barmak ýörelgeleri dowam edýär. Şeýle toplumlaýyn işleriň netijesinde, oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, söwda we iýmitde kärhanalaryňdyr desgalaryň ýüzlerçesini hususylaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Netijede, maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň, senagat hem-de azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň, naharhanalaryň, dükanlaryň we gaýry emläkleriň köp sanlysy hususylaşdyryldy.

Oba ýerlerinde öňdebaryjy tehniki-tehnologik nusgalara laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap zawod-fabrikler, önümçilik sehleri, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, durmuş-medeni desgalar, söwda we dürli ugurly hyzmatlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň ýüzlerçesi peýda boldy. Iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda çykarylýan ýokary hilli önümler diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän haryt nusgalaryna doly bäs gelmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Milli haryt öndürijileriň işjeňliginiň günsaýyn ýokarlanmagy «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» bellenen möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant bolýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu strategiýa döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmagyň we özgertmegiň, şeýle hem hususylaşdyrylmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryňdyr desgalaryň işleriniň esasy ugurlary boýunça wezipelerini, Strategiýanyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan şertleri hem-de guramaçylyk-usuly çäreleri kesgitleýär.

Häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, bazar ykdysadyýetiniň özbaşdak, doly hukukly ulgam hökmünde hereket edip başlamagy üçin eýeçiligiň dürli görnüşleriniň bolmagy we bazar ulgamlarynyň döredilmegi zerur bolup durýar. Şol sebäpden döwlet kärhanalaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar mehanizmlerine gönükdirmek derwaýys ähmiýete eýedir.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasynda, gaýtadan işleýji senagatyň gazanan üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar.

Selbi HAITOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu