
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çuňňur bilimli, ylymly, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Dörediji we gurujy merdana halkymyzyň baý taryhyny we medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek üçin giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
2024-nji ýylyň 25-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy hem bu babatda möhüm ädimdir we buýsandyryjy wakadyr. Bellenilişi ýaly, bu resimanama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028nji ýyla çenli Konsepsiýasy» 8 bapdan ybaratdyr. Bu resminamada mekdebe çenli bilim ulgamyna degişli hem birnäçe wezipeler göz öňünde tutulýar. Şol sanda mekdebe çenli bilim we terbiýe bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion pedagogik tehnologiýalardan peýdalanmaga möhüm orun we uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, inowasion pedagogik tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, şahsyýete gönükdirilen, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, problemalaýyn okatmak, okatmagyň ösdüriji, sungat, portfolio tehnologiýlary ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden peýdalanmak ýola goýlar. Bu pedagogik tehnologiýalary döredijilikli ulanylyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagoglarynyň hünär başarnyklary yzygiderli kämilleşdiriler diýlip, Konsepsiýada bellenilýär.
Şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini ýokarlandyrmak we pedagogik ussatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, mugallymlar geňeşiniň, usuly birleşmeleriň we usuly sagatlaryň işiniň netijeliligi döwrüň talaplaryna laýyklykda yzydiderli ýokarlandyrylar. Şeýle hem syýasy okuwlaryň mazmuny baýlaşdyrylar we netijeliligi ýokarlandyrylar, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barlar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda guralmagy göz öňünde tutulýar. Şular we beýleki wezipeler mundan beýläk hem mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna tutumly işleri alyp barýan, milli bilim ulgamynyň usulyýet goruny baýlaşdyrmaga, okamak, öwrenmek üçin çeşmeleri artdyrmaga uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gülzar DAWRANOWA,
Murgap etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, TDP-niň işjeň agzasy.



