
Ýaş nesliň sagdyn bedenli, kämil bilimli, çuňňur watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler täze taryhy eýýamda many-mazmun hem-de çemeleşime taýdan örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygyny döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň barha dabaralanýandygyny aňladýar.
Ýaş nesli belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserleriniň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan, ertirlerimize şamçyrag bolýan ruhy goldaw, gymmatly gollanmadyr. Hormatly Prezidentimiziň taryhymyzyň şöhratly sahypalaryndan söz açýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň hem elimize gowuşmagy ekerançylygyň irki ojagy, gadymy siwilizasiýalaryň sallançagy, ak bugdaýyň asyl mekany bilen ýakyndan tanyşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär.
Türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşmegini, bilimlerini artdyrmagyny gazanmak ugrunda amal edilýän çäreler hem hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatynda aýratyn orna eýe. Şunda ýurdumyzda her ýyl 1-nji synpa gadam goýýan mekdep okuwçylaryna «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriň sowgat berilýändigini aýratyn nygtamak gerek.
Umuman, täze taryhy eýýamda ylym-bilime ösüşiň, özgertmeleriň, öňegidişlikleriň hereketlendiriji güýji hökmünde baha berilýär. Ýurdumyzda bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, ösdürilmegi ugrunda aýratyn aladalar edilýär. Şeýle işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns berýän hormatly Prezidentimiziň, her bir ýaş raýatymyzy aýratyn mähir hem alada bilen gurşap alan Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Sumbar MÄMEDBAÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.



