Žurnalistiň sahypasy

«Hoş gal, tomus!»

26-08-2024 / 44

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsümi hem üstünlikli jemlenýär. Bu döwürde çagalaryň sagdyn ösmegi, ruhy we beden taýdan kämil kemala getirilmegi ugrunda meýilnamalaýyn gyzyklanma çäreleri işjeň ýagdaýda geçirildi.

Şatlykly tomus paslynda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem bu möwsüm turuwbaşdan gyzykly pursatlara, ruhubelent häsiýetli aýdym-sazly göwnaçmalar, hereketli oýunlar, ertekiler dünýäsine gezelenç, many-mazmunly oýunlar ýaly çärelere beslendi.

Ýakynda bolsa bu möwsümiň çagalaryň dünýäsine ýetiren täsirleri, olaryň sagdyn irki ösüşini gazanmakdaky ähmiýetini beýan edýän häsiýetde «Hoş gal, tomus!» atly aýdym-sazly göwnaçma çäresi geçirildi. Çagalar bakja-bagymyzyň howlusyndaky baýramçylyk mazmunly bezelen meýdançada çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä ähli toparlaryň çagalarynyň gatnaşmagynda guralan bu çäre ýatdagalyjylygy, täsirliligi bilen tapawutlandy. Göwnaçma çäresine ata-eneleriň hem işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Çäräniň barşynda çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary, suw oýunlary boýunça görkezmeleri, sport ýaryşlary ähli gatnaşanlarda gyzyklanmalary döredip, ýurdumyzda sagdyn nesilleriň kemala gelýändigine ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ajaýyp zamanamyzda bagtyýar owazlaryň çaga gülküleri bilen utgaşmagy döwletimiziň geljeginiň has-da röwşenligini alamatlandyrýar. Körpe nesilleriň bagtly durmuşda ýaşamagy, terbiýelenmegi, sowat öwrenmegi we sagdyn ösdürilip ýetişdirilmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Enetäç SÖÝÜNOWA,
Mary şäherindäki 5-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu