Žurnalistiň sahypasy

Sanly bilim — innowasion ösüş

25-08-2024 / 63

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Häzirki wagtda durmuşymyzda täze tehnologiýalar, aýratyn-da, sanly bilim ulgamy uly orny eýeleýär. Çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Bu bolsa ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin bilim edaralary internete birikdirilip, degişli serwerler, kompýuterler, interaktiw tagtalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, programmalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu infrastrukturany yzygiderli kämilleşdirmek wezipesi milli bilim syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlara degişlidir.

Bilim ulgamynda dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi. Munuň özi dünýäde ylymdyr bilimiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigi, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmegiň bolsa, biziň esasy maksadymyz bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Şeripbaý ERGEŞOW,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 54-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu