
Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň abraý-mertebesi has-da belende galýar. Türkmen halky medeniýetini, sungatyny sarpalap, milliligine buýsanyp, olaryň şanyna uly toý-baýram edýän bagtly halklaryň biridir.
Halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň içinde aýdym-saz sungaty aýratyn orun eýeleýär. Bu barada söhbet edeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa…», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitaplary bada-bat göz öňüňe gelýär. Sebäbi kitap tekjelerimizde hemişelik orun alan bu eserlerde türkmeniň aýdym-saz sungatynyň baý dünýäsi barada gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli aýdym-saz sungatymyz täze derejelere göterildi. Ony halkara derejede wagyz etmek boýunça asylly başlangyçlara badalga berildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň aýdym-saz sungatynda täze-täze aýdyň sahypalary açýandygyny aýratyn bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleriniň netijesinde geljegine uly ynam bildirilýän ýaşlar ussatlardan tälim alyp, inçe senedi yhlas bilen öwrenýärler.
Häzirki zaman şertlerine laýyk gelýän sazçylyk hem-de sungat mekdeplerinde, çagalar-ýetginjekler döredijilik merkezlerinde ýaş nesle milli senedimiziň inçe tilsimleri boýunça başlangyç bilimiň berilmegi, medeniýet öýlerinde ýaş dutarçylaryň toparlarynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrunda yglan edilýän bäsleşigiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik we beýleki çäreler yzygiderli geçirilip, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy pederlerimizden miras galan aýdym-saz sungatymyzy has-da baýlaşdyrmaga, dowamat-dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
Ýakynda hem, has takygy, 24-nji awgustda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini kemala getirmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik aýratyn ähmiýetlidir.
Bahar GELDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.



