
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir ulgamy täze ösüş-özgerişlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze ösüşlere gönükdirilen maksatnamalaryň ençemesi kabul edildi. Şolaryň biri-de 26-njy maýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasydyr.
Bu Konsepsiýa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi nazarlamak bilen, ýaş nesilleriň sanly ulgam, ýokary tehnologiýa, emeli aň ýaly ugurlara aralaşmak mümkinçiliklerini ösdürmek maksadyna gönükdirilendir. Ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösüp, durmuşyň ähli ugruny gurşamagy, täze tehnologiýalaryň döredilmegi, emeli aňyň barha giň täsire eýe bolmagy ýaş nesliň taýýarlygynyň barha kämilleşdirilmegini talap edýär.
Ykdysadyýeti ösdürmekde aň-bilim ösüşi barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Bu ugurda esasy ugurlardaky ösüşleriň üpjün edilmegi, ilki bilen, ýaş nesliň taýýarlygyna baglydyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňe süren Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy derwaýys ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremeginiň, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagynyň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýändigini örän jaýdar belläp, mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhüm bolup durýandygyna ünsi çekipdi. Ine, şondan köp wagt geçmänka şeýle resminama işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň görkezijileriniň biridir.
Oguljan AŞYROWA,
Daşoguz şäheriniň 22-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.



