
Türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde uly orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň paýhasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýaş nesillere edep-terbiýe bermekde söz ussadynyň dürdäne setirleri ýol-ýörelge bolup durýar. Ynha, ençeme wagt bäri akyldar şahyryň agzybirlik sapaklarynda türkmen halkynyň gör, näçe nesli terbiýelendi we terbiýelenýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň mertebesi has-da belende göterilýär, akyldaryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary şu günki kämil jemgyýetimiziň ruhy binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we Köpetdagyň belent gerşinde onuň ajaýyp heýkeliniň peýda bolmagy, şygyr bossanynyň saýrak bilbiline goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesinden ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly döredijilik mirasyny umumadamzat jemgyýeti üçin örän ähmiýetli taglymat hökmünde öňe sürýär.
Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Bir döwlete, bir ojaga gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly atamyz şamçyrag bolup şugla saçýar. Dana şahyrymyz:
Magtymguly, garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez
– diýen setirleriň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmalydygyny, sabyr kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy türkmen halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak uly sowgat boldy. «Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» diýip, şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Bu günki gün ýaş nesillerimiz üçin edebi mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny, janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Jahan DÖWRANOWA,
Köýtendag etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň syýahat etdirijisi.