Žurnalistiň sahypasy

Edep — tylla täç

21-08-2024 / 38

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Pederlerimiziň watansöýüjilik ruhy, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgeleri we nesihatlary, zähmete bolan ukyplary we däp-dessurlary, asylly we kämil milli häsiýetleri bu günki günde ýaşlarymyz üçin uly mekdep hasaplanýar. Milli ýörelgelerimiziň özeninde bolsa ene dilimize, edebiýatymyza, nesil terbiýesine bolan garaýyşlarymyz bardyr.

Terbiýe — bu adamyň öz ýaşaýan jemgyýetiniň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, özüňi alyp baryş kadalaryny hem-de medeniýetini özleşdirmäge gönükdirilen ösüşidir. Şol ösüşiň ilkinji basgançagy bolsa maşgalada gurulýar, çagany terbiýelemekde maşgala esasy düzümleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň ähli zatda maşgala däplerine eýerýändikleri, ata-enelerinden görelde almak bilen, olara meňzejek bolýandyklary maşgalanyň jemgyýetiň ösüşindäki möhüm ornuny kesgitleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir maşgalanyň bagtyýarlygy, nesilleriň ösen jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda işlemegi, saýlan hünärlerini kämil ele almagy üçin dyngysyz alada edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys» diýip, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn sarpasyny beýan etmek bilen, nesillere nusgalyk göreldesini görkezýär.

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny gorap, geljekki nesillerimize miras goýmakda özüniň örän baý iş we durmuş tejribesini, çuňňur ylmyny, giň gözýetimini, zehinini gaýgyrman, ýadawsyz zähmetini, başarnygyny agzybir halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Nigar ÄRNAZAROWA,
Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň ýaşaýyş-durmuş esaslary mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu