Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar we sport ýaryşlary

21-08-2024 / 44

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sporta, bedenterbiýä aýratyn üns berlip, ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şeýle ýaryşlaryň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de Tagtabazar etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň guramagynda sportuň milli göreş görnüşi boýunça geçirildi.

Sport ýaryşynda 2-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi Akgözel Orazgeldiýewa ýaryşyň guramaçylykly, gyzykly we täsirli geçmegine ýolbaşçylyk etdi. Ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Tagtabazar etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy 27 kilogram agram derejesinde Seýran Beghanow 1-nji orna, Tagtabazar etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy 42 kilogram agram derejesinde Seýran Hümmetgulyýew 2-nji orna, Tagtabazar etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy 48 kilogram agram derejesinde Mergen Mämmedow 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Tawus AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary  welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu