Žurnalistiň sahypasy

Usuly-pedagogik işler kämilleşdirilýär

21-08-2024 / 153

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň awgust aýy bilim ulgamynda ähmiýetli wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýylda hem, adatdakylar ýaly, geçen okuw ýylynyň jemleri üstünlikli jemlenip, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar ýokary guramaçylyga beslenýär. Muňa ýakynda ýurdumyz boýunça geçirilen usuly okuwlaryň, okuw-usuly maslahatlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyndan, bilim işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrundaky mümkinçiliklerden ruhlanyp, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan we ýaş nesillere dünýä standartlaryna laýyk gelýän bilim bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Mary şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy çagalar bakja-bagymyzda geçirilen usuly okuw hem bu babatda bellärlikli täsirleri galdyrdy.

Mary şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlarynyň we halypa pedagoglaryň gatnaşmagynda guralan bu usuly okuw baý mazmuny, möhüm temalara ýüzlenýän çykyşlary, tema mahsus sergide ýaýbaňlandyrylan  serişdeleriň, esbaplaryň köpdürliligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlandy. Görkezme esbaplarynyň arasynda iňlis dili sapaklarynda «Foods», «Vegetables», «My family», «School» ýaly temalar üçin niýetlenilen elektron serişdeler, rus dili sapaklarynda «Моя семъя», «Овощи» ýaly temalara niýetlenilen ýöriteleşdirilen esbaplar mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi.

Usuly-pedagogik ähmiýetli bu çärede çagalara daşary ýurt dillerini öwretmegiň milli we halkara tejribesine bagyşlanylan çykyşlara orun berildi. Şeýle-de bu ugurda döwlet Maksatnamalaryndan ugur alnyşy, sapaklarda sanly serişdelerden peýdalanyp çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä iňlis, rus dillerinde sözleýşiniň ösdürilişi, esbaplaryň peýdalanylyşy, daşary ýurt dillerinde oýun usullarynyň, gyzyklanma we göwnaçma çäreleriniň, göreldeli we adaty däl sapaklaryň geçirilişi dogrusynda iş tejribeden çykyşlar diňlenildi. Çykyş eden bilim işgärleri degişli temalary elektron görkezme serişdeleriniň üsti bilen has täsirli beýan etdiler. Bu çykyşlar ýaş mugallymlarda tejribe toplamaga şert döretse, halypalaryň tejribelerini paýlaşmaga itergi berdi.

Öz çagalar bakja-bagymyzyň iňlis dili mugallymy Nataliýa Bužoryň görkezen sapak pursatlarynyň, 25-nji çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy Teressenko Tatýananyň görkezen oýun usullarynyň usuly okuwa gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrmagy bizi has-da buýsandyrdy.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň 25-nji maýda gol çeken Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleri has kämil derejede öwrediler we Diýarymyzyň körpe nesilleri ak mekdebe taýýarlanylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge, okatmaga we öňdebaryjy usullardan peýdalanyp daşary ýurt dillerini has mazmunly, netijeli öwretmäge, hünär taýdan kämilleşmäge we bagtyýar ýaşamaga gönükdirilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Şirin HAKBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy çagalar bakja-bagynyň rus dili mugallymy,  TMÝG-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu