
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi bilen etrabyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda ady agzalan çagalar bakja-bagynda «Çagalaryň sesi — bagtyýarlyk aýdymy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hünärmenleri bilen bir hatarda, 10-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler, mugallymlardyr terbiýeçiler gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede körpeler gyzykly goşgulary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Kalby buýsançdan doly çagalaryň ýerine ýetiren goşgulary, aýdym-sazlary bagtyýar zamanamyzyň waspy bolup ýaňlandy. Gyzykly geçen çärämiziň dowamynda çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Aýjennet HYDYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



