
Şu günler täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ak mekdebe okuwa gitmäge taýýarlyk görüp ýören, körpejelerimiziň, oglan-gyzlarymyzyň höwesi örän uly. Ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, çagalar baglarynda hem täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär, ak mekdebiň gapysyndan ätlemeli çagalaryň kalplary bolsa buýsançdan doly.
Mälim bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu döwür çagalar üçin-de, ata-eneler üçin-de örän jogapkärli we möhümdir. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpe çagalar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekdebe çenli çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar. Bu döwürde ata-eneleriň terbiýeçiler bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmagy maksadalaýykdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralary özüniň ähli terbiýeçilik we bilim beriş işlerini döwlet maksatnamasy esasynda alyp barýarlar. Olara ýörite bilimi bolan terbiýeçiler ilkinji bilimleri we edep-düzgünleri ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda öwredýärler.
Hormatly Prezidentimiziň bilim we ylym ulgamlaryny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek ugrunda edýän aladalary özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Ýurdumyzda ýaş nesle bilim-terbiýe bermek, hünär öwretmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlarymyzyň ylymda-bilimde dünýä bilen aýakdaş gitmegi ugrunda hem aladalanylyp, olara innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen bilim berilýär. 1-nji sentýabryň Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde giňden bellenilmeginiň özi ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge berilýän ünsüň aýdyň subutnamasydyr.
Ak ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilde eziz Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, ýokary depginli ösüşlere, olarda belent üstünliklere buýsanjy kemala getirmek we ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda baýramçylyk gününi dabaraly bellemek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri ýokary depginlerde geçirilýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli bilim ojaklarynda baýramçylyk çäreleriniň guralmagyna uly taýýarlyk görülýär.
Ýaş neslimize okamaga, döretmäge, işlemäge, gurmaga şeýle oňat mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Keýik ORAZDURDYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.



