
Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar hem-de şondan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar.
Alym Arkadagymyzyň eserleri ýaşlarymyzyň gurujy, dörediji adamlar bolup ýetişmekleriniň paýhas esaslary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Ömür, ömrüň manysy, terbiýe, ýaşaýyş-durmuşyň manysy, ähmiýet bermeli gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň manysy hakdaky öwüt-ündewlerimiziň ýaşlaryň maňzyna batjakdygyna, aňyna ornajakdygyna ynanýaryn» diýip, adamzadyň we halkymyzyň häzirki döwrüň ýaşaýyş paýhasynyň ýörelgelerini öňe süren beýik Magtymgulynyň ylmy-filosofik mirasy barada pikir ýöredýär. Milli Liderimiz: «Il-halkymyzda ahlak garaýyşlaryň gözbaşy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda düzülýär. Çünki şahyryň setirleri özünden soňky nesilleriň ahlak garaýyşlary babatdaky jebisligini kemala getirýär. Magtymguly Pyragy özünden öňki türkmen durmuşy, ykdysady we syýasy garaýyşlar babatdaky ähli bilimleri setirlerinde beýan etdi» diýip, ýaşlarymyza beýik dananyň paýhasyna eýermegi wesýet etmek bilen, olara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlar dünýäni aňlamaga we özgertmäge esas döredýän ylma hem-de geljegiň ak ýoluny görkezýän paýhasa eýerip, öz döredijilik gujury bilen ýurdy ösdürmäge, ynsaply ýaşaýyş arkaly jemgyýeti ynsanperwerleşdirmäge goşant goşmalydyr. Şu hili adam pikirlenýän, oýlanýan, durmuşda haýyr işi bilen gowulyklary artdyrmagy içki ynanjyna öwren adamdyr. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, ýaşaýyş ýörelgelerini kemala getirmek döwletiň hem, jemgyýetimiziň hem, diýmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meselelerdir kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, ilimiziň abadan we bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmak wezipesini amal etmäge birikdirer. Ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň şu hili tagallalary watandaşlarymyzda geljege bolan ynamy, maksat-wezipelere ygrarlylygy berkidýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzy ösüşiň ak ýoluna düşürip, bilelikde we agzybirlikde etmeli işleri kesgitläp, adamlaryň döredijilik we gurujylyk ukyplarynyň artmagyna täze esaslary döredýär.
Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.