Žurnalistiň sahypasy

Bilim basgançaklaryndaky özgertmeler

27-07-2024 / 76

Üstümizdäki ýylda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýaşlaryň dünýä standartlaryna laýyk bilim almaklaryny gazanmaklyga gönükdirilendir. Degişli resminamada çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmek, bilimli, ylymly ýaşlary kemala getirmek, okatmagyň hilini we bilimiň mazmunyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, pedagogik işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşlerini kämilleşdirmek ýaly möhüm çäreler göz öňünde tutulandyr.

Bu Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilen ylmyň we tehnikanyň çalt depgin bilen ösüp, adamzat durmuşyna aralaşýan döwründe bilim basgançaklarynda üstünlikli ädim ädýän ýaşlaryň sanly ulgamdan, ýokary tehnologiýalardan baş alyp çykmaklaryny, dünýä ylmyna işgin aralaşmaklaryny gazandyrar. Şeýle-de bilim ulgamynyň işine innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy we okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanylmagy mekdep okuwçylarynyň özbaşdak pikirleniş, akyl ýetiriliş endikleriniň ösdürilmegine we işjeňleşdirilmegine, häzirkizaman tehnologiýalaryndan baş alyp çykmaklaryna giň şertleri döredýär.

Kabul edilýän maksatnamalaryň ählisinde sanly ulgama geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek we ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Çagalar edaralaryndan başlap dil öwredilişiniň kämilleşdirilmegi bolsa ýaş nesil üçin esasy zerurlyk bolmak bilen ýaşlaryň ukyplarynyň we başarnyklarynyň ýokary derejesini üpjün eder. Umuman aýdanymyzda, bilim ulgamyny ösdürmekdäki bu ähmiýetli işler okatmagyň usulyýetiniň milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga giň şert döreder.

Gülälek ARTYKOWA,
Çärjew etrabyndaky 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu