Žurnalistiň sahypasy

Milli döwletliligiň demokratik esaslary pugtalandyrylýar

23-07-2024 / 56

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ählihalk forumyny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr. Onuň esasyny halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, şeýle hem häzirki zaman demokratik-hukuk gymmatlyklary düzýär.

Halk Maslahaty ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm durmuş meselelerini çözmek, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek, her bir adamyň we raýatyň azatlyklaryny, hukuklaryny üpjün etmek, halkyň asudalygyny, jebisligini, agzybirligini pugtalandyrmak onuň baş maksady bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty öz işine halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär, olar bolsa halkyň bähbitlerine wekilçilik edýärler. Halka hyzmat etmek halk wekilleriniň jana-jan borjudyr.

Ýurduň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak raýat jemgyýetini kemala getirmek, ony häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede ösdürmek diýmekdir. Türkmenistan milli döwletliligiň hakyky demokratik we hukuk esaslaryny ösdürmek bilen, adam şahsyýetini, onuň hukuklaryny we erkinligini ileri tutýar. Kanunçylyk ulgamynyň, ýerli häkimiýet guramalarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän möhüm çäreler hut şu strategik maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Bu taglymat täze taryhy eýýamyň milli ideologiýasy bolmak bilen, agzybirligi, bitewüligi berkitmekde, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly we maksada okgunly hereket etmekde çelgi-ugur hökmünde hyzmat edýär. Kanunçylyk-hukuk, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik-syýasy ulgamlarda gazanylýan ösüşler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hormatly Prezidentimiziň özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek babatda edýän tagallalary, ýurduň ykbalyna dahylly oňyn möhüm çözgütleri bilen aýrylmaz baglydyr.

Perman NOWBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu