Žurnalistiň sahypasy

Ça­ga­lar bag­la­ryn­da to­mus möw­sü­mi­

23-07-2024 / 656

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsümini guramagyň aýratynlyklary bolýar. Tomusky sagaldyş möwsümini guramak gyzyklanma, göwnaçma çäreleriniň gün tertibini düzmekden, taplama çärelerini ýola goýmakdan, terbiýeçilik-sagaldyş çärelerine gözegçilik etmekden ybaratdyr. Tomusky sagaldyş möwsüminiň gelmegi bilen sapaklaryň ýerine gyzyklanma, göwnaçma çäreleri guralýar we çaganyň ukusynyň dowamlylygy uzaýar. Taplama çäreleri ýola goýulýar.

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» çaganyň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň görkezijileri dogrusynda ýaş nesilleriň durmuşa taýýarlygy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de kommunikatiw (çaganyň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde oýnamak, meşgullanmak) endiklerini ösdürmeklige üns berilýär. Tomus möwsüminde körpeler bilen dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, hereketli hem-de many-mazmunly oýunlar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Esasan-da, tomus möwsüminde çagalar bakja-bagynyň körpeleri bilen guralýan bedeni taplama, endamyny sürtme, suwa taplama çäreleri tassyklanan gün tertibine laýyklykda, her gün günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Körpeler bilen açyk howada geçirilýän bu çäreler gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň çäginde guralýan dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite ýodajyklarda çagalar bilen açyk howada gezelençler guralýar. Şunuň ýaly çäreleriň irki ýaşdan başlap geçirilmegi körpeleriň bedeniniň berkemeginde, hereket işjeňliginiň artmagynda, olaryň ruhubelent, şadyýan kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.

Taplama çäresini geçirmegiň maksady çagalaryň saglygyny goramakdyr. Çagalary dogry taplamak lukmanyň we şepagat uýasynyň maslahaty esasynda alnyp barylýar. Tomus aýlary çagalar howa wannalarynda suwda taplanýar. Howa wannalaryna suwa girilen wagty çagalar ýeňil eşikde bolmaly. Güne taplamak irki gezelençde amal edilmeli. Şol pursatda şepagat uýasynyň çagalaryň ýanynda bolmagy zerurdyr. Gün wannasy alnan wagty çäge, sagat, düşekçeler, kölege üçin saýawan bolmalydyr. Howanyň temperaturasy ýokary bolanda Gün wannasyny kabul etmek maslahat berilmeýär.

Tomus paslynda çagalaryň bedenini taplamak bäş möwsümden ybaratdyr. Bu çäreler hepdäniň hemme günleri dowam edýär. Şunuň ýaly işleriň geçirilmegi körpeleriň şadyýan we sagdyn bolmagyna uly ýardam edýär.

Jemläp aýdanyňda, çagalaryň söýgüsini gazanmak her bir terbiýeçiniň baş aladasy bolmalydyr. Öz terbiýeçisini söýmek, oňa ynanmak arkaly çaga bilimler dünýäsine aralaşýar. Şonuň üçin terbiýeçileriň guraýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hemmesi çagalara bolan mähir-söýgä, ynsanperwerlige gönükdirilen bolmalydyr.

Aýnabat HUDAÝBERGENOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 20-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu