Žurnalistiň sahypasy

Birleşme! Hyzmatdaşlyk! Ösüş!

25-05-2024 / 121

2024-nji ýylyň 23 — 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik üstünlikli jemlendi. Ol ylym-bilim, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda, ýokary taýýarlykly, halkymyzyň milli myhmansöýüjilik, dost-doganlyk, açyk göwünlilik, hoşniýetlilik däplerine laýyklykda garşy alyndy. Myhmanlary institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, meýletinçiler güler ýüz bilen garşyladylar.

Ýurdumyzda bu bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Dünýäde parahatçylyk merkezi hökmünde ykrar edilýän Aşgabatdaky täsirler, ýakymly pursatlar, milli myhmansöýerligimiz, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde guralan halkara bäsleşik myhmanlaryň ýadyna hemişelik galar.

Nurmuhammet ANNAMÄMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu