
Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.
Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999 — 2022-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 14-nji gezek geçirilýän şu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanynyň iň ýokary görkezijide boljakdygy habar berilýär. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän soňky maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim edip ýüz tutdular. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr. Geçen ýylyň 23 — 28-nji noýabrynda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilmegi türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazyldy.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şunda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy şanly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanylandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bularyň ählisi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýäde wagyz etmekde goşýan uly goşandynyň ykrarydyr.
Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Şoňa görä-de, ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak wezipesi “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Milli sportumyzyň geçen ýoly yzygiderli gazanylýan ajaýyp ýeňişlerden doly bolup, täze taryhy döwrümiziň ýokary sport üstünlikleri olaryň üstüni ýetirýär.
Hanjar ABDURAŞIDOW,
Köýtendag etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň müdiri.



