Žurnalistiň sahypasy

Halkara tejribäni ilerledip…

24-05-2024 / 101

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam edýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» halkara bäsleşigiň çäklerinde her döwlete wekilçilik edýän toparlaryň ýolbaşçy mugallymlary institutyň talyplary bilen duşuşyk geçirip, özleriniň tejribelerini paýlaşýarlar.

24-nji maýda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, syýasy ylymlaryň kandidaty Igor Okunýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ADA uniwersitetiniň mugallymy Lala Jumaýewa institutyň talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Daşary ýurtly mugallymlar duşuşyga gatnaşyjylara ylmy işleri, dissertasiýalary, referatlary talabalaýyk ýazmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda talyplar mugallym Lala Jumaýewa hem-de Igor Okunýewe özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olara giňişleýin jogap aldylar.

Ogulmaýa ANNAGELDIYEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu