
Paýtagtymyz Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Aşgabat şäherinde gysga wagtyň içinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ildeşlerimiz tarapyndan uly höwes bildirilýän hokkeý hem-de figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän döwrebap infrastruktura döredildi. Soňky ýyllarda gurlan we sebitde deňi-taýy bolmadyk iri sport desgalary, şol sanda Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, “Aşgabat” köpugurly stadiony we beýlekiler Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň ýokary sport üstünliklerine ymtylmasynyň nyşany bolan bu ugurdaş desgalar milli sport ulgamynda mundan beýläk-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmäge, çempion türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga gönüden-göni ýardam berdi. Iň esasysy bolsa, geçirilen giň möçberli işleriň netijesinde, Aşgabat dürli görnüşli, şol sanda iň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän, dünýä sportunyň okgunly ösýän merkezi hökmünde halkara giňişlikde uly abraýa eýe boldy.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek baradaky taryhy çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyza halkara sport jemgyýetçiliginiň bildirýän aýratyn ynamynyň, Türkmenistanyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitirýän hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy. “Aşgabat — 2017” oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi döwletimiziň özüne bildirilen ýokary ynamy mynasyp ödändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň gatnaşmagy “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçen Aziadanyň esasy aýratynlygy boldy. Bu oýunlaryň şeýle formatda geçirilmegi halkara sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açyp, dünýäniň dürli künjeklerindäki millionlarça adamyň bähbidine sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. Milli ýygyndy toparymyz bu ýaryşlarda Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi.
Mälim bolşy ýaly, “Aşgabat — 2017” özünde 40-a golaý desgany jemleýän Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň şol wagtky prezidenti bu sport toplumynyň enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berdi.
Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň iki desgasynyň — Sportuň suw görnüşleri toplumynyň dünýäde iň iri üsti ýapyk howuz hökmünde hem-de Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. “Aşgabat — 2017” oýunlarynyň maksatnamasynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen 19 görnüşe goşmaça hökmünde sportuň milli göreş we konkur görnüşleri hem girizildi. Munuň özi türkmen göreşini, atly sporty dünýä giňişliginde ilerletmekde taryhy ädim boldy.
Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.
Ogultäç SAPAROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



