
Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň adynyň özem köp zatdan habar berýär we okyjyny bada-bat özüne çekýär. Kitaby eliňe alyp, Änewiň gadymyýetiň jümmüşlerine çuňňur kök urup gaýdan baý hem şöhratly taryhy barada has aýdyň bilmek isläp, ony okamaga howlugýarsyň.
Gadymy Änewiň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar. Ýaşaýyş medeniýetiniň täze derejesiniň döredilmegi. Änew depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri. Arheologik tapyndylar. Häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärlikleri. Änew medeniýetini ilkinji bolup açan we bu baradaky hakykaty dünýä ýetiren Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň, beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde mälim edilen maglumatlar. Gadymyýetiň bu taryhy künjegi bilen baglanyşykly rowaýatlar… Bular barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy-populýar eserinde örän düýpli, örän täsirli beýan edilýär.
Kitap türkmen halkynyň taryhy geçmişi, ruhy-medeni mirasy, däp-dessurlary barada çuňňur düşünje berýär. Şol bir wagtyň özünde bu gymmatlyklary mundan beýläk-de öwrenmegiň, gorap saklamagyň zerurdygy baradaky duýgy-düşünjäni has-da berkidýär. Ol halkymyz üçin, şonuň bilen birlikde, häzirki wagtda gadymy türkmen topragyna ýene bir ýola nazary gönügen bu topragyň täsinliklerine haýran galmak bilen syn edýän bütin türki dünýä, adamzadyň uzak taryhynyň dowamynda döredilen gymmatlyklaryna uly gyzyklanma bilen garaýan Ýer ýüzüniň dürli ýurtlarynyň alymlarydyr bilermenleri, okyjylary üçin bahasyz sowgatdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynyň neşir edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylymyza özboluşly öwüşgin berdi. Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda köp sanly halkara derejeli çäreleriň dabaralandyrylýandygy bilen baglylykda-da täze kitap örän uly ähmiýete eýedir. Watandaşlarymyz bilen birlikde, şol halkara çärelere gatnaşýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem bu ajaýyp eseri ýüzlerine sylýarlar. Şunda kitabyň üç dilde — türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi-de aýratyn ähmiýetli.
Annasapar ILMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



