
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ylym-bilimiň bahasy ýokdur, ylym-bilimden toplanan baýlyk adamzadyň hakyky baýlygydyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyz kitabynyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde beýik alymlaryň, filosoflaryň pähimlerini, şeýle-de täsin rowaýatlarydyr tymsallary mysal getirýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Olarda dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaşlaryň gözýetimlerini giňeltmeklerine, ylym älemine bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrmaklyga giň ýol açdy. Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa Watanymyzyň ylymda we bilimde gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne görkezmäge şert döretdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Biz mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerip, ýaşlara döwrebap bilim, terbiýe bermekde öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekeris. Bize döwrebap derejede işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Annasapar ILMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



