Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara terbiýe mekdebi – Magtymguly Pyragy

12-01-2024 / 18

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir.

Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir manysy däl, eýsem, çeperçilik serişdeleri, dil baýlyklary hakynda hem bellemek gerek. Goşgularyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilýändigini edebiýatçy alymlaryň işlerinde görmek bolýar. Esasan hem bu goşgularyň halka täsirli bolmagynda türkmen diliniň söz baýlyklarynyň uly orny bar. Şahyr ene dilimiziň söz baýlyklaryny ýerlikli peýdalanyp, döredijiligi bilen baýlaşdyrypdyr. Şeýlelikde, pikirler, setirler sazlaşyp many-mazmun emele gelýär.

Watana bolan söýgi goşgy setirlerinde belentden ýaňlanýar, ynsan kalbyny nurlandyrýar. Şonuň üçin hem şahyryň parasatly pikirleri türkmen halkynyň aňyna mäkäm ornaşdy. Şahyryň dürli mowzukdaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. Şahyryň watançylyk, gahrymançylyk bara-daky goşgularyna üns bersek, «Ýeli Gürgeniň», «Türkmeniň», «Gidiji bolma», «Depe nedir, düz nedir», «Gözlär men» ýaly goşgularynyň çuňňur mazmunyny görýäris. Bu goşgularyň içinden Watany söýmek, il-güne wepaly bolmak, ba-tyrlyk, edermenlik baradaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr üçin dog-lan ýurdundan eziz, mähriban ýurt ýok.

Akyldar şahyr Watan söýgüsini il agzybirligi, asudalyk bilen hem berk baglanyşdyrypdyr:

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn.

Bu pikirler ýurt berkararlygynyň arzuwy bolup ýaňlanýar we ýurt binasynyň gaýym goýuljakdygyna berk ynanandygyny görkezýär. Şahyr Watany, il-güni janyndan söýýän mert ýigitleriň hem waspyny ýetiripdir. Ol Watana söýgi mert ýigitlere mahsus häsiýet bolmaly diýip düşünýär. Şahyryň döredijiliginde watansöýüjilik we mertlik aýratyn üns merkezinde goýulýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde wagyz-nesihat, öwüt-ündew häsiýetli goşgulary görmek bolýar. Şeýle goşgular ýaş nesilleri watançylyk mekdebinde terbiýelemekde hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar. Şahyryň «Aty gerek», «Mert biläni», «Meýdan ýoluksa», «Begler» ýaly goşgulary mertligi, gaýduwsyzlygy öwüt-ündew edýär. Şeýle goşgular nesilleri merdanalyk, watansöýüjilik mekdebinde terbiýelemekde örän möhümdir, çünki bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgelerini görmek bolýar.

Gülhatyja DIDAROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu