
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ajaýyp tebigy gözellikleriniň döwrebap ösüş bilen utgaşyp gidýän ýerleriniň biri-de Hazar deňzi sebitidir.
Hazar deňziniň kenarlaryny, şol sanda Türkmenbaşy şäherini syýahat, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha gürelýän agaç nahallary deňziň gözelligine görk goşýar, howany has arassalaýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, Hazar deňziniň arassalygyny goramak, şypaly, jana melhem suwuny ylmy taýdan öwrenmek işleri alnyp barylýar. Hazar deňzi bütin dünýäde ajaýyp tebigy suw howdany bolup, suw bioserişdeleri we uglewodorod çig-mal serişdeleri deňziň esasy baýlyklarydyr. Hazar deňziniň, hususan-da onuň ekologiýa meseleleriniň çözgüdi, köplenç bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna baglydyr. Häzirki wagtda halkara ylalaşyklarynda we şertnamalarynda göz öňünde tutulan ekologiýa meselelerine barha uly üns berilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2003-nji ýylyň noýabrynda gol çekildi. Bu Konwensiýa Hazarýaka döwletleriň ählisiniň parlamentleri tarapyndan 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda tassyklanan badyna güýje girdi. BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP) başlangyjy boýunça şol gün Hazaryň halkara güni diýlip resmi taýdan yglan edildi. Şondan bäri bu sene Hazarýaka ýurtlarynyň ählisi tarapyndan bellenilýär.
Gahryman Arkadagymyz: ”Sebitiň çäklerinden çykýan möhüm meseleleriň biri-de Hazar deňziniň ekologiýasy bilen baglanyşykly meseledir. Hazar deňzi täsin tebigy toplum bolmak bilen, bütin adamzadyň gymmatlygydyr we şoňa görä-de, halkara bilelişiginiň aýratyn üns bermegini talap edýär. Şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň sebiti ýangyç serişdelerini çykarmak we ugratmak babatda dünýäniň iri merkezleriniň birine öwrülýär. Biziň umumy wezipämiz ykdysady bähbitleri, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýagdaýyny Hazaryň biologik köpdürliligini aýawly saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr” diýip, nygtap belleýär. Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýär hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki halkara edaralarydyr guramalary bilen bilelikde tebigaty goramak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan arassa ýerleriň biridir. Hazarýaka ýalpak sebitinde we gury ýerde nebit-gaz toplumynyň edaralary tarapyndan daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işler 2030-njy ýyla çenli döwür üçin pudagara maksatnamalar esasynda geçirilýär. Maksatnamalaryň çäklerinde ekologik howpsuz tebigy baýlyklary we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary, balyk senagatynda ýokary netije berýän usullary, nebitiň we gazyň howpsuz daşalmagyny, döwrebap ekologiktalaplara laýyk gelýän tehnologik enjamlaryň täzelenmegini ornaşdyrmak göz öňünde tutulandyr. Deňizden gazylyp alynýan nebit we gaz serişdeleriniň daş-töweregiň ekologiýa ýagdaýyna, deňziň suwunyň hapalanmagyna we kenarýaka zolagynda ýaşaýan ilatyň saglygyna zyýan ýetirmezligi üçin ähli kadalar ýerine ýetirilýär. Uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilmeginiň howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilýändigini we işleriň ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Deňizde gurnalyp, işleýän stasionar we ýüzüji burawlama desgalary bilen dürli geçirilýän işleriň netijesinde döreýän zyýanly taşlanmalar açyk deňze zyňylman, ýörite konteýnerlerde ýygnalyp, kenara çykarylýar we ýörite saklawhanalarda ýok edilip, gaýtadan işlenilýär. Şeýle hem deňziň suw gurşawynda desgalar gurnalanda, turbageçirijiler geçirilende we uglewodorod serişdelerini gazyp almak boýunça dürli işler amala aşyrylanda, bu işleriň taslama resminamalaryna döwlet tarapyndan gözegçilik edilip, tebigata ýetirjek täsirine baha berilýär we şeýle işler ýerine ýetirilýän döwründe hem-de önümçilik wagtynda olar yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Gahryman Arkadagymyz ykdysady bähbitleri, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýagdaýyny Hazaryň biologik köpdürliligini aýawly saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmagyň, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligiň umumy wezipe bolup durýandygyny nygtap belleýär. Umumadamzat gymmatlyklaryny pugtalandyrmak bilen birlikde, durmuş-ykdysady ugurlaryň, halkyň saglyk ýagdaýynyň, nesilleriň abadançylygynyň has-da gowulanmagynyň baş şertleriniň biri bolup çykyş edýän ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli işlere goşulyşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Ogulbibi BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



