
Aň-paýhasyň, zehiniň, zähmetiň, yhlas-höwesiň zerur bolşy ýaly, bir zady gazanmak üçin mümkinçiligem möhümdir. Her bir ynsanyň geljekki maksatlarynyň, ýaşaýşynyň we durmuşynyň ýagtylandyryjy güýji hasaplanýan ylym-bilimi ýokary derejede almak üçin ýurdumyzda mümkinçilikleriň ähli gapysynyň açykdygyny buýsanç bilen aýtmaly. Ýaşlar babatda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler olaryň zehinlerini açmaga we ukyplaryndan ýerlikli peýdalanmaga bolan mümkinçilikdir. 23 – 25-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik hem munuň aýdyň beýanydyr.
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, syýasy berkararlygyny goldamaga, ylym-bilimi, medeniýeti we saglygy goraýşy we beýleki ulgamlary ösdürmäge ýaşlarda uly höwes bar. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has ilerledýär. Ýurt derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we gumanitar ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.
«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik hem dünýäde parahatçylygy wagyz etmekde, ýaşlaryň ylmy-intellektual mümkinçiliklerini giňeltmekde, ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orna eýedir. Bu bäsleşikde ildeşlerimiz altyn medallaryň 11-sine, kümüş medallaryň 34-sine, bürünç medallaryň 43-sine — jemi 88 medala mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda ildeşlerimiz 9 altyn, 15 kümüş, 24 bürünç medal eýelediler. Bu görkezijiler türkmen ýaşlarynyň ylym-bilime höweslidiginiň beýanydyr.
Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler biz — ýaşlarda aýratyn hyjuw we joşgun döredýär. Watanymyza bolan çuňňur söýgi ýüreklerimize mäkäm baglanyp, ene topraga bolan sarpamyzy beýgeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».
Göwher AMANSAHEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



