
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23 – 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik üstünlik jemlendi. Bu halkara bäsleşik türkmen talyplarynyň ylym-bilimde ýokary netijeleri gazanýandygynyň halkara ykrarnamasy boldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar şahsy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we taryhy-medeni ugurlardan test ýumuşlaryny, meseleleri çözmek, toparlaýyn görnüşde bolsa halkara gatnaşyklarda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirleme boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň şahsy görnüşinde türkmen talyplary altyn medallaryň 11-sine, kümüş medallaryň 34-sine, bürünç medallaryň 43-sine — jemi 88 medala mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda ildeşlerimiz 9 altyn, 15 kümüş, 24 bürünç medal eýelediler. Şeýle-de daşary ýurtly talyplar 15 medala mynasyp bolmagy başardylar.
Ýeri gelende bellesek, şahsy tapgyrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 3 altyn, 8 kümüş, 1 bürünç medala mynasyp boldular. Bu iň ýokary görkezijidir.
Ysmaýyl MUHAMMEDOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



