Žurnalistiň sahypasy

Naýbaşy sungat eseri

24-05-2024 / 109

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle ajaýyp gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy ene-mamalarymyzyň döredijilik zehininden, irginsiz zähmetinden kemala gelendir. Bu ajaýyp gözellik dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis sungatdyr.

Halyçylyk sungatynyň halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny, nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Nepislik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar kämilleşmegiň belentliklerine ýetmek hyjuwyny äşgär edýär. Şeýle hem 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasy, ýolagçy terminalynyň üçeginde haly gölüniň ýerleşdirilmegi bilen, “Iň uly haly göli” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.

Türkmen halysy özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köpasyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada irki asyrlarda alymlaryň, syýahatçylaryň ýatlamalarynda, golýazma kitaplarynda duş gelmek bolýar. Bu ýazgylar ýa-da kitaplardaky ýatlamalar türkmen halysynyň irki döwürlerden bäri dünýä halklarynyň üns merkezinde saklanyp galandygyny aňladýan hakykatdyr.

Türkmen halysy hakynda ençeme rowaýatlar döredilipdir, şahyrlar goşgular düzüpdir. Şeýle ajaýyp gözelligiň waspy dilden dile, ilden ile ýetirilipdir. Hala salnan nagyşlar ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň duýgularynyň beýany, yhlasynyň miweleridir. Bu nagyşlar gelin-gyzlarymyzyň özboluşly, owadan dünýäsiniň şöhlelenmesidir. Ussat zenanlar dokan halylarynyň nagyşlary hökmünde ata Watanymyzyň gözel tebigatyny, ajaýyp ösümlikdir haýwanat dünýäsini, öz yrym-ynançlaryny ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Eli çeper gelin-gyzlaryň päk arzuw-hyýallary, söýgüsi, yhlasy siňen nepis halylar özboluşly gözellik dünýäsiniň beýanydyr.

Beýik işleri amal edip, il-halkymyzy ajaýyp durmuşda, eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Güldesse GELDIMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu