Žurnalistiň sahypasy

Ýokary guramaçylykly, taýýarlykly, adalatly

25-05-2024 / 135

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda üç günläp dowam eden «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşik barada daşary ýurtly myhmanlar öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň dosenti, syýasy ylymlaryň kandidaty, eminler toparynyň agzasy Igor Okunýew:

— Bäsleşik ýokary guramaçylykly, taýýarlykly hem-de adalatly geçirilip, onuň ilkinji minutlaryndan başlap, soňky pursadyna çenli düzgünnamadan çykylmady. Dürli ýurtlaryň talyplaryny bir ýere jemlän bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertler üpjün edildi. Eminler bilen ýerine ýetirilen ýumuşlary barlap, oňyn netije çykardyk.

Bäsleşigiň çäginde guralan medeni çäreler, gezelençler uly ruhubelentlige beslendi. Munuň özi täze tanyşlyklara ýol açmak bilen bir hatarda, daşary ýurtly talyplarda türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri, milli gymmatlyklar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berdi. Biz Türkmenistanda netijeli bilim syýasatynyň alnyp barylýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdik. Ylymly-bilimli ýaşlar ýurduň ösüşli ýoluny dowam etdirijilerdir — diýip, öz pikirlerini paýlaşdy.

— Aşgabatda geçirilen iri bilim bäsleşigi biziň üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi: täze gözýetimleri açdy, dürli ýurtlardan gelen deň-duşlarymyz bilen dostlaşmaga mümkinçilik berdi. Türkmenistanda bolmagymyzyň Aşgabat şäheriniň gününe, Türkmen halysynyň baýramyna gabat gelmegi bizi örän begendirdi. Paýtagtyň gözel künjeklerine, şol sanda Türkmen halysynyň milli muzeýine hem baryp gördük. Ol ýerdäki dürli ýyllarda dokalan halylar, muzeýiň hünärmenleriniň olar baradaky gürrüňleri aýratyn täsir galdyrdy — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyby Muhlisa Safarowa gürrüň berdi.

Oguljahan JOBBOROWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu