Žurnalistiň sahypasy

Paýhasyň, ösüşleriň açary

25-05-2024 / 126

Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär. Ylma teşne talyplar mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň geçirilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Halkara bäsleşik parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmekde möhüm ädim boldy. Oňa Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda bu halkara bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Häzirki zaman ylmyny kämilleşdirmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar bagtyýar geljegimiz üçin ädilýän iň uly ädimdir. Bu babatda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu