Žurnalistiň sahypasy

Parahatçylyk medeniýetini üpjün etmekde ýaşlaryň orny

20-05-2024 / 37

2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler. Halkara derejesinde geçirilýän bu bäsleşige gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 250-dan gowragy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşarlar.

Turuwbaşdan bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçiriljek bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda ähmiýetlidir.

Halkara bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşinde gurnalyp, degişli düzgünnama laýyklykda, onuň şahsy tapgyry test sowallary we ýazuw-barlag işleri esasynda geçiriler. Test sowallary sebit we halkara gatnaşyklary, olaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, taryhy-medeni we beýleki derwaýys ugurlaryny şöhlelendirer.

Erkin AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu