Žurnalistiň sahypasy

Bäsleşikler – halkara gatnaşyklarynda möhüm ugur

23-05-2024 / 35

Halkara gatnaşyklarynda möhüm ugur hasaplanýan ylym-bilim olimpiadalary, halkara bäsleşikler zehinli ýaşlary dostlaşdyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik hem, sözüň doly manysynda, dürli döwletlerden gelen myhmanlary ýakynlaşdyrdy.

Halkara bäsleşik Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyňdyr talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamy boýunça pikir alyşmagyna we tejribelerini kämilleşdirmegine şert döretdi.

Daşary ýurtly myhmanlar türkmen topragyna gadam goýan ilkinji pursatlaryndan özleri üçin edilýän aladalardan hoşaldyklaryny aýdýarlar. Dürli ýurtlardan gelen mugallymlar, talyplardyr magistrler birek-birek bilen ýakyndan tanşyp, bu halkara bäsleşige görlen taýýarlyklar, türkmen halkynyň myhmansöýerligi barada söhbet edýärler.

Häzirki döwürde kämil ylym-bilimli ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini açyp görkezmekde şeýle bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr.

Arslan  SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu