Žurnalistiň sahypasy

Halkara bäsleşik KHBS-de giňden şöhlelendirilýär

24-05-2024 / 33

Mälim bolşy ýaly, TDIM-niň HGI-de badalga alan «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik ýurdumyzyň we halkara KHBS-lerde giňden şöhlelendirilýär.

Çap edilýän materiallarda halkara bäsleşigiň ähmiýeti, guramaçylyk işleri, myhmanlaryň ýürek buýsançlary, olar bn söhbetdeşlikler, fotosuratlar ýerleşdirilýär,

Hususan-da, “Türkmenistan” gazetiniň 24-nji maýda sanynda çap edilen makalada: “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu bäsleşigiň maksady BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan gelip çykýan ýörelgeleri, halkara dialog medeniýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden ybarat bolup, ol ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilýär” diýlip, halkara bäsleşigiň ähmiýetine üns çekilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr» elektron gazetinde we beýleki internet saýtlarynda hem habarlar çap edildi. Institutymyzyň talyplary halkara bäsleşigiň ähmiýetini şöhlelendirmekde ýokary işjeňlik görkezýärler.

Maksat TAGANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu