
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady.
Halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda bu halkara bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky tagallalary wagyz etmek ýörelgelerinden gözbaş alýan bu halkara bäsleşik ýurtlaryň arasyndaky ylym-bilim ugurly gatnaşyklaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Döwran KIÇIÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



