
24-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginiň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine we Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.
Gezelenjiň barşynda myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine bardylar, türkmen halkynyň taryhyny wasp edýän nepis halylarymyzyň taryhy bilen tanyşdylar. Myhmanlary türkmen gelin-gyzlarynyň nepislik bilen dokan Ginnesiň rekordlar kitabyna giren halylarymyz, ýüň we ýüpek halylarymyz,türkmeniň gara öýi, milli egin-eşikleri haýran galdyrdy. Myhmanlar muzeýde türkmen halysynyň dokalyşy bilen tanyşdylar we halyny özleri dokap gördüler.
Myhmanlar haly muzeýinden çykyp, Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler. Bu ýerde myhmanlar türkmen halkynyň şöhratly taryhyna degişli eksponatlar bilen tanyşdylar. Gezelenje gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, zehin aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.



