Žurnalistiň sahypasy

«Nusaýda» taryh ýatyr…

25-05-2024 / 150

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilenn «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginiň jemleýji gününde – 25-nji maýda daşary ýurtly myhmanlar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç etdiler.

Bilşimiz ýaly, Gadymy Nusaý Türkmenistanyn taryhynda uly orun eýeleýär. Goja taryhyň gatyna şan-şöhraty bilen giren Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý şäheri soňra Arsäg şanyň neberesinin şalygyna öwrülen bu ýerde häzir Bagyr obasy ýerleşýär.

Gezelenjiň dowamynda olar Köne we Täze Nusaý galalary gadymy medeniýetleriň yzlaryny özünde saklaýan ýädygärlikler toplumy bilen tanyşdylar. Myhmanlar gadymy Parfiýa patyşalygynyň ýadygärlikleriniň öwrenilişi, arheologlaryň goraghanadan tapan taryhy tapyndylary bilen tanşyp, olaryň ägirt uly ähmiýete eýedigini tassyklaýan we geljekki gözlegleri talap edýän soňky ylmy barlaglar baradaky maglumatlary aldylar.

Tumar JOLLYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu