Žurnalistiň sahypasy

Ylymlar köpdür…

Ýürek sözi

23-05-2024 / 32

Sabina MEREÝEWA,
Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň talyby:

— Doganlyk Türkmenistana gelip, «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly gepleşikleriň medeniýeti» atly halkara olimpiadasyna gatnaşmak bagtynyň maňa hem miýesser edendigine diýseň begenýärin. Aslynda, şeýle halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmagyň uly ähmiýeti bar. Bu bäsleşikler bilimimizi artdyrmaga, hünärimizi ýokarlandyrmaga ýardam bermek bilen birlikde, özümize bolan ynamymyzy has-da güýçlendirýär.

Sözümiň şu ýerinde Abu Reýhan al-Birunynyň aýdan sözlerini aýtmak isleýärin: «Ylymlar köpdür, olar zamananyň ykbaly bolup, dürli pikir we düşünjeler goşulanda köpelýär». Ylym-bilim halkara hyzmatdaşlygyň hem iň möhüm ugrudyr. Türkmen topragynda bizi örän mähirli garşyladylar. Boş wagtlarymyz talyp deň-duşlarymyz bilen şäheriň ajaýyp ýerlerine gezelenje çykdyk. Ýadygärlik surata düşdük. Çekeleşikli geçen bäsleşige gatnaşan ähli talyp deň-duşlarymy gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýazga geçiren: Aýlar SADYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu