Žurnalistiň sahypasy

Halkara bäsleşikler — kämillik mekdebi

Ýürek sözi

24-05-2024 / 83

Mahinajon BOBOJONOWA,
Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetiniň talyby:

— Bu meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim boldy. Biz bu ýurda aýak basanymyzda türkmen talyplary bizi gyzgyn garşy aldylar. Olimpiadanyň dowamynda Aşgabadyň gözel künjeklerine aýlanyp görmek bagty maňa hem-de ýoldaşlaryma miýesser etdi. Aşgabadyň gözel binalarydyr tebigaty hem-de çyralaryň gijeki sazlaşygy şäheriň görküne has-da görk goşýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary insitutynyň döwrebap keşbi mende diýseň uly täsir galdyrdy. Bu ýokary okuw jaýynyň gurluşy, muzeýi, okuw studiýasydyr redaksiýasy bizde uly täsir galdyrdy.

Men okuwçy döwrümden bäri internet bäsleşiklerine gatnaşmaga diýseň höweslidim. Halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalar biziň üçin özboluşly kämillik mekdebi bolup durýandygy aýratyn bellemek isleýärin. Nesip bolsa, öz Watanyma baranymda Aşgabadyň ajaýyplygy, türkmen myhmansöýerligi hakynda dostlaryma gürrüň bererin. Bu bagtly pursatlar hiç wagt ýadymdan çykmaz.

Sözümiň ahyrynda şeýle ajaýyp ýurduňyza gelmäge döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentiňize köp sagbolsunymy aýtmak isleýärin. Günsaýyn beýik ösüşlere beslenýän eziz Watanyňyza beýik ösüşleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw  edýärin.

Ýazga geçiren: Adalat ŞAMURZAÝEWA,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu