
23-nji maýda dabaraly ýagdaýda açylan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň myhmanlary öz ýürek buýsançlaryny paýlaşýarlar.
Ma ÝUHANG,
Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň talyby:
— Türkmenistan diýseň gözel ýurt. Ýurduň halky örän myhmansöýer halk. Bu meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelip görüşim. Türkmenistan, hakykatdan hem, geljegi uly ýurt. Paýtagtyňyz Aşgabatdaky gözel binalar, ak mermere beslenen belent desgalar, bagy-bossanlyklar halkyňyzyň eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän ýokary mümkinçiliklerdir. Halkyň agzybirligi we asudalygy hakynda aladalaryň edilmegi we şertleriň döredilmegi, elbetde, munuň özi beýik geljegiň nyşanydyr. Şonuň üçin hem men siziň ýurduňyza mundanam has beýik ösüşleriň garaşýandygyna berk ynanýaryn.
Men bu halkara olimpiadanyň geçirilýändigini eşiden günümden başlap, matematika hem-de geosyýasat derslerinden taýýarlygymy has-da güýçlendirdim. Sapakdan boş wagtlarym uniwersitetimiziň çäginde ýerleşýän kitaphanada dürli-dürli ylmy kitaplary okadym. Hakykatdanam, ylymda serhet bolmaýar. Ony yzygiderli ösdürmek arkaly aýdyň maksatlara ýetilýär. Biz hem şeýle halkara bäsleşiklere gatnaşýandygymyza diýseň begenýäris. Men hem bu abraýly bäsleşikde baýrakly oruna mynasyp bolup, özümi has-da kämilleşdirmek isleýärin.. Dünýäniň ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, parahatçylygy, düşünişmegi ýola goýmak, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ugrunda taýsyz tagalla edýän Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa köp sagbolsun aýdýarys!
Ýazga geçiren: Humaý BERDINÝAZOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



